Soňky habarlar

Arhiw

CAFA-2022 çempionaty: Türkmenistanyň oýunlarynyň tertibi

08:1408.07.2022
0
5708

Şu gün Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) milli zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky çempionatynyň açylyş dabarasy bolar. Taryhda ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryş 8-nji iýulda başlanyp, 20-nji iýulda tamamlanar. Onda bäş topar, ýagny – Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndy toparlary sebitiň iň güýçlülerini anyklamak üçin özara güýç synanyşarlar.

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) milli zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky çempionatynyň çäklerinde jemi on oýun oýnalyp, olaryň ählisi Duşenbäniň Merkezi stadionynda geçiriler.

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, çempionat aýlaw görnüşinde guralar we ahyrky netijä görä iň köp utuk toplan topar ýeňiji hökmünde ykrar ediler.

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) milli zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky çempionatynyň oýunlarynyň tertibi (duşuşyklaryň başlanýan wagty Aşgabat sagady bilen görkezilendir):

1-nji tapgyr

8-nji iýul (anna)
19:00 – Gyrgyzystan – Eýran
22:00 – Türkmenistan – Täjigistan

2-nji tapgyr

11-nji iýul (duşenbe)
19:00 – Türkmenistan – Gyrgyzystan
22:00 – Täjigistan – Özbegistan

3-nji tapgyr

14-nji iýul (penşenbe)
19:00 – Özbegistan – Türkmenistan
22:00 – Eýran – Täjigistan

4-nji tapgyr

17-nji iýul (ýekşenbe)
19:00 – Eýran – Türkmenistan
22:00 – Gyrgyzystan – Özbegistan

5-nji tapgyr

20-nji iýul (çarşenbe)
19:00 – Özbegistan – Eýran
22:00 – Täjigistan – Gyrgyzystan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň