Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy Baýram Jumaýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2022» döwlet bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Neşiriň ýazyşy ýaly, bäsleşikde I orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy Aýlar Hojanepesowa, II orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Altyn Hydyrowa bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Şemşat Kliçowa, III orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň administratiw hukugy kafedrasynyň müdiri Agajan Ýagmyrow, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Babageldi Kurbanow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Aýjemal Rahimowa dagy mynasyp boldy.
Bäsleşigiň döwlet tapgyry Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirildi.
Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri ýetişdirmekde we olara bilim-terbiýe bermekde baý iş tejribeli mugallymlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň şertleri boýunça professor-mugallymlaryň işlerine köptaraplaýyn baha berildi.
Olaryň okadýan dersleri boýunça taýýarlan okuw kitaplarydyr gollanmalaryna, monografiýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki çykyşlaryna, sapakda döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryndan, şol sanda elektron kitaplardan, wideo-audio materiallardan, multimedia tehnologiýalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanyşyna, şeýle-de uzak aralykdan okuwlary guramakda tejribelerine aýratyn ähmiýet berildi. Ussat mugallymlaryň halkara ylmy-amaly maslahatlarda eden çykyşlary hem nazara alyndy.
Ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.