Soňky habarlar

Arhiw

Şasenem suwaryş akabasynyň täze hanasynyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär

11:1307.07.2022
0
25186

Daşoguz welaýatyndaky Şasenem suwaryş akabasynyň suwuň syzylmagyna garşy örtükli, uzynlygy 100,2 kilometrden ybarat, sekuntda 60 kub metre çenli geçirijilik ukyby bolan täze hanasynyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şeýle-de umumy göwrümi 90 million kub metr bolan suw howdanyny hem gurlar.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň