Kalwin Fillips «şäherlä» öwrüldi

15:3204.07.2022
0
803

Şu gün hüjümçi Gabriel Žezusy «Arsenala» goýberen «Mançester Siti» dessine düzümine täze oýunçynyň goşylandygyny resmi saýtynyň üsti bilen mälim etdi. Has takygy, «Mançester Siti» Angliýanyň milli ýygyndysynyň we «Lids» toparynyň ýarymgoragçysy Kalwin Fillipsiň transferini amala aşyrdy. Transferiň anyk bahasy mälim edilmedi. Emma sport neşirleri Fillipsi «şäherlä» öwürmek üçin «Mançester Sitiniň» 45-50 million funt-sterling tölemeli bolandygyny ýazýarlar. «Mançester Siti» bilen alty ýyla niýetlenen şertnama gol çekişen Fillips täze toparynda dördünji belgili köýnekçäni geýer.

Maglumat üçin, Kalwin Fillips geçen möwsümde «Lidsiň» düzüminde 23 oýunda meýdança çykyp, 1 gezek gol urmagy başarypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň