«Onlaýn taksi» goşundysyny 15 müňden gowrak adam ýükläp aldy

12:0404.07.2022
0
8024

«Onlaýn taksi» hyzmatynyň ykjam goşundysynyň döredileni bäri geçen bäş aýyň dowamynda ony 15 müňden gowrak adam ýükläp aldy.

«Fewral aýynyň başynda hyzmat köpçülikleýin tanyşdyryldy we eýýäm bir hepde wagt geçeninden soň onuň ykjam goşundysyny 2000-den gowrak ulanyjy ýükläp aldy» – diýip, taslamanyň hünärmeni «Turkmenportalyň» habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde belledi.

«Onlaýn taksi» hyzmaty «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tarapyndan Android we iOS operasion ulgamly enjamlar üçin ýola goýuldy. Ykjam goşundyda Aşgabat şäheriniň islendik ýerine tiz barmaga mümkinçilik berýän nyrhnamalaryň dürli görnüşleri bar.

Taksi awtoulagyny 0655 belgisine jaň etmek arkaly hem sargyt edip bolýar.

«Onlaýn taksi» hyzmatynyň guramaçy hünärmenleriniň belleýşi ýaly, bu ulaglaryň hyzmatyndan, esasan, howa menziline ýa-da demir ýol menziline barýan ýolagçylar, çagalaryny mekdebe ugradýan ýa-da bazara gitmek isleýän adamlar peýdalanýarlar. Has takygy, taksi ulaglaryny çagyrmak aýratyn-da gyssagly ýagdaýlarda örän amatly çözgütdir.

Onlaýn hyzmat boýunça ýolagçylara hyzmat edýän taksi ulaglary häzirlikçe Aşgabadyň çäginde, Büzmeýin, Täze zaman hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumyna çenli aralykda hereket edýär.

Hyzmatyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, taksi ulaglaryny günüň islendik wagtynda belli bir sagat ýa-da gün üçin öňünden sargyt edip bolýandygydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň