Aşgabatda «Zara kids» çaga eşikleriniň dükanynyň açylyşy bolar

11:2203.07.2022
0
6920
Aşgabatda «Zara kids» çaga eşikleriniň dükanynyň açylyşy bolar

Türkmen paýtagtynda meşhur ispan brendi «Zara kids» çaga egin-eşikleriniň dükany işläp başlar. Dükan «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň 0-njy gatynda ýerleşýär. Dükanyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, «Zara kids» şowrumynyň açylyş dabarasy 3-nji iýulda sagat 18:00-da bolar.

Açylyş dabarasy mynasybetli dükanyň ähli harytlary üçin 10% arzanladyş yglan edildi. Şowrumda 2 — 14 ýaş aralygyndaky oglanjyklar we gyzjagazlar üçin çaga egin-eşikleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär. Dükandaky egin-eşikleriň esasy aýratynlygy hem olarda meşhur multfilmleriň gahrymanlarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmegidir. Bu ýerde başga-da dürli görnüşli kombinezonlar, şortlar, sarafanlar we beýleki döwrebap çaga eşikleri alyjylara ýetirilýär.

«Zara kids» dükanynyň ähli haryt görnüşleri bilen dükanyň sosial ulgamdaky sahypasyndan hem-de görkezilen telefon belgileri arkaly tanşyp bilersiňiz:

• (+993 65) 72 62 70;
• (+993 63) 52 49 95;
• (+993 65) 72 91 72.

Dükanyň salgysy: Aşgabat SDM, 0-njy gat, Dükan № R.012

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň