Türkmenistanyň futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky umumy statistikasy

11:0001.07.2022
0
945

Türkmenistanyň futbol toparlary üçin AFK-nyň kubogynda ýene bir möwsüm tamamlandy. Eýsem, şu möwsümiň netijelerini hem goşmak bilen, türkmen toparlary taryhda bu ýaryşda nähili netije görkezdiler? Bu sowala habarymyzda jogap berýäris.

  • Türkmenistanyň futbol toparlary şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 104 duşuşyk geçirdiler, meýilnamada görkezilen 1 duşuşyk bolsa geçirilmedi.
  • Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:

35 duşuşykda ýeňiş gazandylar;

45 duşuşykda ýeňildiler;

24 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

  • Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:

Garşydaş derwezelere 145 pökgi geçirdiler;

Öz derwezesine 157 pökgi goýbertdiler.

  • Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:
  1. Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 21;
  2. Täjigistanyň toparlary bilen 20;
  3. Liwanyň toparlary bilen 11;
  4. Iordaniýanyň toparlary bilen 10;
  5. Bangladeşiň toparlary bilen 6;
  6. Hindistanyň toparlary bilen 6;
  7. Omanyň toparlary bilen 5;
  8. Ýemeniň toparlary bilen 4;
  9. Bahreýniň toparlary bilen 4;
  10. Siriýanyň toparlary bilen 3;
  11. Yragyň toparlary bilen 3;
  12. Özbegistanyň toparlary bilen 3
  13. Kuweýtiň toparlary bilen 2;
  14. ýurdumyzyň iki topary biri-biri bilen 2
  15. KHDR-nyň toparlary bilen 2
  16. Wýetnamyň toparlary bilen 2 gezek duşuşdy.
  • Şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan 7 topar gatnaşdy. Olardan:

«Altyn asyr» 7 gezek;

«Balkan» («Nebitçi») 5 gezek;

«Ahal» 4 gezek;

«Nisa» 2 gezek;

HTTU («Ýedigen») 2 gezek

«Merw» 1 gezek;

«Köpetdag» 1 gezek gatnaşdy.

  • Iň netijeli futbolçylar

Ady, familiýasy

Topary

Gol sany

1

Altymyrat Annadurdyýew

«Altyn asyr», «Ahal»

22

2

Myrat Ýagşyýew

«Altyn asyr»

13

3

Serdar Geldiýew

«Altyn asyr»

4

4

Mämmedaly Karadanow

«Ahal», HTTU

7

5

Wahyt Orazsähedow

«Altyn asyr», «Dordoý»

8

  • Toparlaryň netijeleri:

Topar

Gol sany

«Altyn asyr»

63 (38 duşuşykda)

«Ahal»

39 (25 duşuşykda)

HTTU

18

«Balkan» («Nebitçi»)

15

«Nisa»

4

«Merw»

4

«Köpetdag»

2 (2 duşuşykda)

  • AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistanyň futbol toparlary daşary ýurt toparlary bilen näçe gezek duşuşdy?
  1. Istiklol (Täjigistan), 10 gezek
  2. Alaý (Gyrgyzystan), 9 gezek
  3. Dordoý (Gyrgyzystan), 11 gezek
  4. Hujand (Täjigistan), 8 gezek
  5. Al Nejmeh (Liwan), 6 gezek
  6. Al-Faisaly (Iordaniýa), 6 gezek
  7. Miktijoddha Sangsad (Bangladeş), 4 gezek
  8. Al-Wahdat (Iordaniýa), 4 gezek
  9. Al-Hidd (Bahreýn), 3 gezek
  10. Al Şaab Ibb (Ýemen), 2 gezek
  11. Al Jaiş (Siriýa), 2 gezek
  12. Olimpik Beýrut (Liwan), 2 gezek
  13. Ist Bengal Klub Kalkutta (Hindistan), 2 gezek
  14. Brozers Ýunion (Bangladeş), 2 gezek
  15. Al-Nasr (Oman), 2 gezek
  16. Dempo (Hindistan), 2 gezek
  17. Al-Muharrak (Bahreýn), 2 gezek
  18. Al-Hilal (Ýemen), 2 gezek
  19. Dofar (Oman), 2 gezek
  20. Al-Ansar (Liwan), 2 gezek
  21. Al-Kadsiýa (Kuweýt), 2 gezek
  22. Erbil (Yrak), 2 gezek
  23. Al-Ahed (Liwan), 2 gezek
  24. Bengaluru (Hindistan) 2 gezek
  25. «April 25», 2 gezek
  26. Al-Wahda (Siriýa), 1 gezek
  27. Al-Sakr (Ýemen), 1 gezek
  28. Fanja (Oman), 1 gezek
  29. Air Force (Yrak), 1 gezek.
  30. Hanoý (Wýetnam), 2 gezek;
  31. «Rawşan» (Täjigistan), 1 gezek
  32. «Nasaf» (Özbegistan), 2 gezek
  33. SSKA-Pamir (Täjigistan), 1 gezek
  34. «Neftçi» (Gyrgyzystan), 1 gezek
  35. «Sogdiana» (Özbegistan), 1 gezek
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň