Döwletli etrabynda täze metjidiň düýbi tutuldy

19:2630.06.2022
0
9781

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesiniň Şa ýoly köçesiniň ugrunda 300 orunlyk metjit we onuň ýanynda sadaka berilýän bina gurlar.

Şäherçede binanyň binýadynyň goýulmagy bilen baglanyşykly dabara geçirildi. Taslama laýyklykda metjitde dini parzlaryň berjaý edilmegi üçin ähli amatlylyklar göz öňünde tutuldy.

Toplumyň tutýan meýdany 3 gektara ýetirildi. Metjit 2024-nji ýylda ulanylmaga berler. Toplumyň taslamasy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Türkmen döwlet taslama instituty tarapyndan taýýarlanyldy.

Taslamada metjitleriň gurluşyna mahsus bolan aýratynlyklar we bu ugurda toplanylan tejribe göz öňünde tutulypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň