GPON tehnologiýasy AŞTU-nyň işiniň möhüm ugrudyr

17:0530.06.2022
0
4608
GPON tehnologiýasy AŞTU-nyň işiniň möhüm ugrudyr

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti paýtagtda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gerimini uzakmöhletleýin giňeltmek maksady bilen iň täze GPON tehnologiýalaryndan peýdalanýar.

Häzirki wagtda paýtagtyň 56 sany ýaşaýyş jaýynda 2100 sany öýe, şeýle hem Taslama köçesiniň ugrunda ýerleşýän ofisler we dükanlar üçin GPON aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirmek babatda optiki-süýümli kabelleri ornaşdyrmak boýunça işler tamamlandy. Bu ugurda 38 000 metr magistral we paýlanyş, şeýle hem 92 400 metr içerki optiki-süýümli kabeller AŞTU-nyň öz serişdeleriniň hasabyna üpjün edildi.

Bu işleriň netijesinde bolsa ilata GPON tehnologiýasynyň telefon aragatnaşygy, IP teleýaýlym we internet hyzmatlary ýaly birbada üç görnüşli ýokary hilli telekommunikasiýa hyzmatlary elýeterli edildi.

GPON ulgamy (Gigabit passive optical network) üçin stansiýa enjamlaryndan müşderiniň nokadyna çenli baglanyşyk liniýasynda elektrik enegiýasyny sarp edýän goşmaça enjamlary gurnamagyň zerurlygy ýokdur. Şäheriçi paýlanyş aragatnaşyk ulgamlaryny gurmakda GPON tehnologiýasyny ulanmak «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ üçin iň möhüm ugurlaryň birine öwrüldi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, AŞTU 11-nji kiçi etrapçanyň 5000-den gowrak ýaşaýjysynyň GPON aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmegini üpjün etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň