Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» «Samsung» kompaniýasyny ogurlykda aýyplady

15:3030.06.2022
0
1441
«Apple» «Samsung» kompaniýasyny ogurlykda aýyplady
Surat: ixbt.com

«Apple» kompaniýasynyň halkara söwda bölüminiň başlygy Greg Joswiak täze smartfonlaryny işläp düzmekde «Samsung» kompaniýasynyň özleriniň tehnologiýalaryny ogurlandygyny yglan etdi. Bu baradaky habar «The Wall Street Journal» neşiriniň ilkinji Iphone smartfonynyň çykarylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dokumental filminde habar berilýär diýip, «Trend» ýazýar.

Žurnalistiň «Appleniň» bazarda öz esasy bäsdeşi bolan «Samsung» barada garaýşy bilen bagly beren sowalyna Joswiak günorta koreý kompaniýasynyň özlerini hemişe gižželäp gelendigi barada jogap berdi.

« Olar aldylar-da, iPhoneniň uly ekranly görnüşini ýasadylar, başga oňaran goşlary ýok» diýip, Joswiak sözüniň üstüne goşdy.

Top-menejer amerikan kompaniýasynda «Samsungyň» ilkinji smartfonynyň «iPhoneniň» ýaramaz nysgasy hökmünde kabul edilendigini ýatlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň