Soňky habarlar

Arhiw

Şatunowyň iň soňky aýdymy çykdy

15:1730.06.2022
0
7896
Şatunowyň iň soňky aýdymy çykdy
Surat: tvcenter.ru

Golaýda aradan çykan rus aýdymçysy Ýuriý Şatunowyň «Каждому свое» atly iň soňky ýerine ýetiren aýdymy onuň Ýoutube-ýaýlymyna çykdy.

Aýdymyň ilkinji görkezilişi aýdymçynyň jaýlanan gününiň ertesi boldy, aýdyma dessine 600 müň adam tomaşa etdi.

«Laskowyý maý» toparynyň öňki agzasy Ýuriý Şatunow 23-nji iýunda, 48 ýaşynda aradan çykdy, onuň ölümine ýiti ýürek agyrysy sebäp boldy. Geçen ýekşenbede artisti soňky ýoluna ugratmak çäresi boldy. Bu barada «MIR24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň