Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil Ýazdursun Gurbannazarowa Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň Ombudsmenleriniň I forumyna gatnaşdy diýip, Dunýo habarlar agentligi habar berýär.
Forumyň baş maksady — Merkezi Aziýa döwletleriniň Ombudsmenleriniň adam hukuklary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, adam hukuklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça sebitleýin gepleşikler we bu ugurda mümkinçilikleri we tagallalary utgaşdyrmak bolup durýar.
Forumyň üç sessiýasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar aýallary, çagalary, maýyplygy bolan şahslary goramagyň we höweslendirmegiň meseleleri hem-de sanly tehnologiýalaryň ulanylmagynyň möhümligi, şeýle hem azatlykdan mahrum edilen şahslaryň hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça tejribe alyşdylar.
Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleriniň arasynda ikitaraplaýyn Ähtnama gol çekildi.
Forumyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleriniň I Forumynyň Daşkent Jarnamasy kabul edildi.
Forumy her ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçirmek hakynda çözgüt kabul edildi.
Şeýle-de okaň: