Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenportal mobil goşundysyny ulanyjylaryň sany 100 müň adamdan geçdi

15:5128.06.2022
0
4197
Turkmenportal mobil goşundysyny ulanyjylaryň sany 100 müň adamdan geçdi

Geçen ýylyň ýanwar aýynda döredilen Turkmenportal mobil goşundysyny ýükläp alan Internet ulanyjylarynyň sany 100 müň adamdan geçdi.

Bu mugt goşundy iOS we Andorid ulgamlarynyň ikisi üçin hem elýeterlidir.

Turkmenportal goşundysynyň iOS görnüşi Russiýada App Storeden ýüklenilip alnan iň gowy habar beriş goşundylarynyň hataryna girýär. Goşundynyň App Storedäki reýtingi 4,3 ýyldyza, Google Play-de bolsa 4,6-a deň. Häzirki wagta çenli ýüzlerçe ulanyjy öz teswirinde onuň işine ýokary baha berdi.

Turkmenportal habarlar neşiri 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ol diňe bir Türkmenistanda däl, halkara derejesinde hem uly meşhurlyk gazanan habar beriş portallarynyň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň