Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary «Derweze» gaz kraterini nädip söndürmelidigini bilýär

13:3827.06.2022
0
33682

Aşgabatdan 270 km-de ýerleşen «Derweze» gaz kraterini söndürmek meselesi «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» Halkara ylmy maslahatynyň dowamynda maslahatlaşyldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow kraterden gaz çykmasyny gözegçilige almak boýunça türkmen alymlarynyň usulyny teklip etdi diýip, Nebit-Gaz gazeti habar berýär.

Alymlaryň geçiren barlagynyň netijesinde gatlaklaryň we ýataklaryň özara täsirlenmä eýedigi mälim boldy. Gözleg guýusy burawlananda, ýüze çykýan azgorly ýataklaryň krateriň uzak wagtlap ýanmagyna sebäp bolýandygy hem muňa mysaldyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Çaljülbe gaz käninde baha beriş guýusyny burawlamagy teklip etdik. Uly gaz gorlary bolan gatlakdan gazyň zarply çykarylmagy onuň süzüliş akymyny öwürmäge we kratere gözegçiliksiz akymyny azaltmaga mümkinçilik berer. Gazyň kratere gelýän akymynyň bady gowşadylandan soň, ony izolirlemek, ýagny üstüni doly ýapmak mümkin bolar. Şeýle çözgüdiň hasabyna atmosfera düşýän gazyň gözegçiliksiz zyňyndylary doly ýok ediler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, 1963-nji ýylda Merkezi Garagum ýataklar toparynyň Çaljülbe gurluşynda gözleg skwažinasyny burawlap başlaýarlar, ýöne ilkinji sapar uly bolmadyk çuňlukda üstüne topragyň ýokarky gatlaklary çöken gazdan dolup duran boşluk tapylýar. Diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre deň bolan boşlyk emele gelýär.

Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin bu krateri otlaýarlar. “Gaz birnäçe günüň dowamynda ýanyp gutarar ýa-da bu gatlak, beýleki 5-7 kilometr uzaklykdaky suw bilen palçykdan dolup duran desgalarda bolşy ýaly, suwa dolar” diýlip çak edilýärdi. Emma, garaşylýan ýagdaý ýüze çykmady.

Ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak barada Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň ýanwarynda geçirilen Hökümet mejlisinde tabşyryk berdi.

Biz şeýle hem Sloweniýadan inžener Andreý Çuferiň krateri söndürmek boýunça tekliplerini paýlaşypdyk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň