Milanda guraklyga garşy göreşiň çäklerinde suw çüwdürimleri öçüriler

12:4527.06.2022
0
843
Milanda guraklyga garşy göreşiň çäklerinde suw çüwdürimleri öçüriler
Surat: kartinki24.ru

Milanyň häkimiýetleri (Italiýanyň demirgazyk Lombardiýa oblasty) bu sebitde güýçli guraklyk sebäpli emele gelen suw ýetmezçiligi şertlerinde çüwdürimleriň işini togtadar. Bu baradaky karary şäheriň häkimi Juzeppe Sala kabul etdi diýip, «Trend» habarlar gullugy TASS-a esaslanyp ýazýar.

Kararda suwy durmuş zerurlyklary, şol sanda gazonlary, hususy baglary suwarmak we terraslarydyr howlulary arassalamak maksady bilen mümkingadar tygşytly ulanmak maksadalaýyk bolar diýilýär, şeýle-de häkimiň adatdan daşary çäreleriň hatarynda haýwanat we ösümlik dünýäsi bar bolan ýerlerden başga çäklerdäki suw çüwdürimlerini öçürmek barada buýruk berýändigi bellenýär.

Sala şäherdäki gazonlardyr bag ekilen çäkleri suwlulandyrmagyň togtadyljakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň