Arhiw

Türkmenistanyň Logistika merkezi Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda ýerleşer

17:5026.06.2022
0
8306
Türkmenistanyň Logistika merkezi Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda ýerleşer

Türkmenistanyň geljekki logistika merkezi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň portunyň çäginde aýratyn ykdysady zolakda dörediler. Bu barada şu hepde Astrahan oblastynyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Denis Afanasýew belledi diýip, «Wolga» habarlar agentligi habar berýär.

«Astrahan oblastynyň Hökümeti Türkmenistanyň logistika merkezini açmak babatda Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen gepleşikleri geçirýär. Häzir bu merkeziň portuň ýörite ykdysady zolagynda ýerleşjekdigini ylalaşdyk» – diýip, Astrahan Hökümetiniň mejlisiniň dowamynda Afanasýew belläp geçdi.

Şeýle-de ol bu bu mesele bilen baglylykda, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen gepleşikleriň geçirilýändigini nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, Astrahanyň gämi gurluşykçylary Türkmenistan üçin gury ýük gämilerini, konteýner gämilerini, paromlary we beýleki görnüşli gämileri gurmaga taýýardygyny tassyklaýar. Afanasýew mundan başga hem Türkmenistanyň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen önümçilik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliginiň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

Astrahan sebitinde portuň ýörite ykdysady zolagyny we Hazar toparyny döretmek baradaky Karara Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin 2020-nji ýylyň noýabr aýynda gol çekdi.

Türkmenistan we Astrahan özara hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüljek Astrahan oblastynda ýerleşjek täze logistika merkezini açmagy 2021-nji ýylyň mart aýynda ara alyp maslahatlaşdylar.

2022-nji ýylyň başynda bolsa Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky Logistika merkeziniň döredilmegine taýýarlyk görmäge niýetlenen ýörite Iş topary düzüldi. Bu Iş toparynyň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, ýurduň logistika we demir ýol kärhanalarynyň hünärmenleri girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň