Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 500 orunlyk täze metjidiň we onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýyň gurluşygyna badalga berildi. 24-nji iýunda geçirilen dabara welaýatyň ähli ýerinden il sylagly ýaşulular, din wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de gurluşykçy hünärmenler gatnaşdy. Bu barada «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Täze metjit we onuň ýanyndaky sadaka berilýän jaý 6 gektar meýdanda bina ediler. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçy hünärmenleri alyp barar. Dört minaradan ybarat boljak metjidiň gurluşygynda täze tehnologiýalar, özboluşly binagärlik çözgütleri ulanylar. Täze metjitde 500 adama namaz okamaga ähli şertler göz öňünde tutular. Bu çäkde ýerleşjek sadaka jaýy hem 500 adama niýetlenýär. Mundan başga-da, onuň ýanaşyk ýerinde awtoduralga gurlar.
Belläp geçsek, mundan ozal biz Türkmenistanyň her bir welaýatynda täze metjitleriň we sadaka jaýlarynyň guruljakdygy barada habar beripdik.