Türkmenistan ýaşlar baradaky kanunyna goşmaçalar girizýär

22:0125.06.2022
0
8084
Türkmenistan ýaşlar baradaky kanunyna goşmaçalar girizýär
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda täze merkezde zähmet çekýän gurluşykçylaryň köp sanlysynyň ýaşlardygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň iýun aýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze, rejelenen görnüşine goşmaçalar girizmäge bagyşlanan mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy. Bellenilşi ýaly, kanunuň taslamasyna ýaş hünärmenler üçin birnäçe ýeňillikleri döretmek bilen bagly goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň