Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet maliýe institutynda uçurymlara bagyşlanan dabara geçirildi

11:0620.06.2022
0
11037

Türkmen döwlet maliýe institutyny üstünlikli tamamlaýan 216 uçurymyň hormatyna dabara geçirildi.

Uçurymlar ýokary okuw mekdebini «Maliýe», «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Salgytlar we salgyt salma», «Ätiýaçlandyrma işi», «Birža işi», «Buhgalterlik hasap we audit» hünärleri boýunça üstünlikli tamamladylar.

Institutyň ýolbaşçylarynyň we halypa mugallymlarynyň adyndan uçurymlara durmuşda üstünlik we abadançylyk arzuw edildi.

Dabaraly çäräniň dowamynda şu ýyl aýratyn tapawutlanan uçurymlara Hormat hatlary gowşuryldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaranyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk joşguny» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr sazlar ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň