1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn wagtda ähli ugurlar boýunça daşary ýurtlara amala aşyrylýan halkara ýolagçy ulag gatnawlaryny dikeltmegi tabşyrdy. Bu çözgüt dünýä ýüzünde koronawirus ýokanjynyň peselmegi bilen baglylykda kabul edildi.
2. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 18 ýaşly uçurym oglanlary üçin harby gullugyň möhleti wagtlaýyn, güýzki harby gulluga çagyryş möwsümine çenli yza süýşüriler. Munuň üçin bolsa Türkmenistanyň «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň» Kanunynyň 20-nji maddasyna täze bent goşular.
3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriniň hökmany öňüni almak çärelerine üýtgeşmeleri girizdi. Oňa laýyklykda, agyz-burun örtükleri Türkmenistanyň serhedindäki barlag-goýberiş nokatlarynda, jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde we köpçülikleýin ýapyk ýerlerde dakylmalydyr.
4. Türkmenistanda howa menzilleriniň VIP we CIP zallarynda tölegsiz esasda hyzmat edilmeli aýratyn wajyp ýolagçylaryň we wajyp ýolagçylaryň sanawy tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, howa menzilleriniň CIP zallarynda islendik ýolagçy tölegli esasda hyzmatlardan peýdalanyp biler.
5. Türkmenistanda mekdebe çenli, umumy orta, ýörite orta, döwlet hünär bilim edaralarynda zähmet çekýän pedagogik hünärmenleriň iş tejribe synagy tassyklanyldy. Resminama bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň hünär synaglarynyň we olara hünär derejelerini bermegiň tertibini kesgitleýär.
6. Türkmenistanyň «Halk market» supermarketler söwda toplumy Russiýanyň «Rusagro» iri oba hojalyk we azyk kompaniýasy bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmen hem-de rus telekeçileriniň arasyndaky bu şertnama ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, şol sanda azyk pudagynyň özara peýdaly ösüşine gönükdirilendir.
7. Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan amala aşyryljak soňky gatnawdan ozalky howa gatnawyny yglan etdi. Bu gatnaw ilçihananyň guramagynda 17-nji iýunda sagat 10:00-da Aşgabat — Moskwa ugry boýunça “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynda amala aşyryldy. Türkmenistandan Russiýa boljak nobatdaky ýörite ýolagçy howa gatnawy 24-nji iýuna meýilleşdirilýär.
8. Aziýa Ösüş Bankynyň ýurtlar boýunça Türkmenistandaky täze müdiri Artur Andrysýak Aşgabat şäherine geldi. Ol bu wezipä şu ýylyň maý aýynda bellenildi. Andrysýak AÖB-niň ýerli işlerine, şeýle hem Türkmenistan bilen täze hyzmatdaşlyk strategiýasynyň işlenip düzülmegine gözegçilik eder.
9. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan “Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň adyny üýtgeder. Indi bu uçarlarda Türkiye Hava Yolları diýlip ýazylar. Bu çözgüt Türkiýäniň iňlis dilindäki Turkey diýlip atlandyrylyşynyň ýerine halkara arenasynda Türkiye adyny tanatmak bilen bagly Ankara syýasatynyň netijesidir.
10. Bellator MMA garyşyk söweş guramasynyň türkmenistanly türgeni Döwletjan Ýagşymuradow türkleriň «Kuruluş: Osman» serialynyň üçünji möwsüminiň jemlemesinde surata düşdi. Bu film Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly täsin taryhy wakalary mazmunynda jemleýär. Filmde Ýagşymuradow konýaly Balabanyň keşbini ýerine ýetirdi. Surata düşürilýän meýdançada onuň hyzmatdaşy hökmünde bolsa Osman begiň keşbini janlandyrýan Burak Özçiwit çykyş edýär.