Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy adyny üýtgeder

16:5315.06.2022
0
22260

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ady «Türkiye Havayollar» diýlip üýtgediler. Day.Az saýtynyň habar bermegine görä, kompaniýanyň adynyň çalşyrylmagy barada täze Turksat 5B emeli hemrasynyň işe giriziliş dabarasynda döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi.

«Biz ýurdumyzyň halkara arenasynda ulanylýan adyny çalyşmak bilen simwoliki ädim ätdik. Indi ýurdumyz Turkey däl-de, Türkiye diýlip atlandyrylar. Häzirden başlap, howa ulaglarymyzyň fýuzelýažynda Turkish Airlines diýip däl-de, «Türkiye Havayollar» diýip ýazarys» diýip, ýurduň prezidenti belläp geçýär.

1-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasy respublikanyň halkara arenasyndaky adynyň Türkiye diýlip üýtgedilmegi baradaky teklibini tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň