Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 19 müň 300-den gowrak okuwçy gutardyş synaglaryny tabşyrýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, şu güne çenli welaýatyň çäginde umumybilim berýän orta mekdepleriň 383-si hereket edip, olarda mugallymlaryň 18 müň 500-den gowragy zähmet çekýär we okuwçylaryň 313 müň 370-si bilim alýar.
Mundan başga-da, welaýatda aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 35 sanysy hereket edýär.
Täze 2022–2023-nji okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 31 müň 698-si kabul ediler. Mekdebe ilkinji sapar gadam basýan çagalara bilim we terbiýe berjek mugallymlar, synp otaglary kesgitlendi. Häzirki wagtdan taýýarlyk işlerine girişilmegi täze okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň körpeler üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüljekdigine güwä geçýär.