Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 28 sany eskalatory düýpli abatlamak meýilleşdirilýär. Munuň bilen baglylykda, «Türkmenistan» gazetiniň 18-nji iýunda neşir edilen sanynda Aşgabat şäher häkimliginiň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 28 sany eskalatory düýpli abatlamak boýunça potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edendigi habar berildi.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2022-nji ýylyň 6-njy iýulyna çenli kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler gerekli resminamalary almak üçin şäher häkimliginiň şu salgysyna ýüz tutup bilerler: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.
Bitarap Türkmenistan şaýoly — Aşgabadyň demirgazykdan günorta tarap uzap geçýän iň bir uly ýollarynyň biridir. Bu ýol ozal Podwoýskiý köçesi diýlip atlandyrylýardy. 2011-nji ýylda şaýoly ýokary derejede gaýtadan abatlanyldy. Ol günorta tarapdan gözbaşyny Bitaraplyk binasyndan alyp gaýdýar. Şaýolunyň ugrunda ak mermerden döwrebap ýaşaýyş jaýlary, häzirkizaman supermarketler, dolandyryş binalary hem-de infrastruktura desgalary guruldy.