Soňky habarlar

Arhiw

Bakuwyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada we GDA-da iň gowy diýlip yglan edildi

15:3318.06.2022
0
6892

Baku şäheriniň Halkara howa menzili GDA-nyň çäginde we Merkezi Aziýada iň gowy howa menzili diýen netijäni kesgitleýän «Skytrax 2022 World Airport Awards» halkara baýragyna mynasyp boldy. Bu barada howa menziliniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bakuwyň Gaýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzili bu ugurda eýýäm bäşinji gezek ozalky sowet döwletleriniň howa menzilleriniň arasynda iň gowy howa menzili diýen baýraga eýe bolýar. Şeýle hem bu ýylda howa menzili ýene bir arzyly baýraga — «GDA-da we Merkezi Aziýada iň gowy howa menziliniň hünärmenleri» diýen hormatly ada mynasyp görüldi.

«Skytrax-iň» «World Airport Awards» halkara baýragy Ýer ýüzüniň raýat awiasiýasynda iň bir abraýly baýraklaryň biri hasap edilýär.

Dünýäniň 550 sany halkara howa menzilinde ýolagçylara edilýän hyzmatlara we şertlere baha berýän «Skytrax» Bütindünýä howa menzil barlagy awiasiýa pudagynda öňdebaryjy göreldeli netijeleriň biri hasaplanýar.

Baku howa menziliniň 1-nji terminaly 2014-nji ýylyň 23-nji aprelinde ulanyşa girizildi. Onuň umumy meýdany 65 müň inedördül metre deňdir. Binanyň özi bolsa döwrebap dizaýnda, üçburçluk görnüşdäki çala aňyrsy görünýän üçekli formada döredilendir.

Bakuwyň Gaýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzili diňe bir amatly infrastruktura binasy bolman, eýsem, ýurduň «ýüzüni» görkezýän ajaýyp binagärlik eseri hökmünde-de özboluşly gymmata eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň