Daşkentde geçirilýän aşpezleriň uly festiwalynda meşhur aşpezler bu ugurdan ussatlygyny paýlaşýarlar. Festiwala gatnaşyjylar dürli tagamlary taýýarlaýarlar, şolaryň hatarynda, äpet pizza, lagman we kebap bar.
Şunda her şompulyň uzynlygy 4 metre barabar, gril üçin gök önümleriň sany bolsa ýüzlerçä ýetýär. Aşpezlik bäsleşigine özbek telewideniýesiniň, şou-işewürleriniň we sportunyň meşhur ýyldyzlary gatnaşýar. Olaryň muşdaklary bolsa halan gatanşyjysyna janköýerlik edýär.
Uly aşpezlik festiwaly diňe bir gastronomik bolman, eýsem, medeni hadysa hem öwrüldi. Onuň esasy maksady — ýerli aşhananyň milli däplerini ýaýratmak bolup durýar diýip mir24 habar berýär.