Türkmenistanda Talyp joşguny-2022 döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi

14:4017.06.2022
0
7119

Aşgabatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri içerki saýlama tapgyrlaryndan ýeňiji bolan döredijilik toparlaryny hdürlediler.

Çykyşlaryň arasynda halk we estrada aýdymlary, goşgular, milli sazlar ýaňlandy, folklor eserlerinden bölekler we tanslar ýerine ýetirildi, teatrlaşdyrylan sahnalar we beýleki çykyşlar ýerine ýetirildi.

Festiwalyň netijeleri boýunça her ýokary okuw mekdebiniň döredijilik toparlaryna gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Talyp joşguny döredijilik festiwaly her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirilýär. Bu çäre zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, döredijilik işjeňligine höweslendirmäge, sungata gyzyklanmany artdyrmaga, şeýle hem milli medeniýeti köpçülige ýaýmaga gönükdirilendir.

Ýatlatsak, festiwalyň ilkinji saýlama tapgyry ýurdumyzyň her ýokary okuw mekdebiniň özünde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň