Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy Aziýanyň kubogy ― 2022-niň çärýek finalyndaky Awstraliýa ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

09:1311.06.2022
0
11852

Şu gün, 11-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýa kubogy — 2022-niň çärýek finalynda Awstraliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Awstraliýa ― Türkmenistan duşuşygy Daşkent şäherindäki «Milli» stadionda bolup, sagat 18:00-da başlanar.

Oýuna Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar. Bu barada ýaýlymyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Aziýa kubogynyň ýarym finaly 15-nji iýunda, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji iýunda, final oýny 19-njy iýunda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň