Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistan we Türkmenistan gaz hem-de energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar

15:0010.06.2022
0
3946

Ermenistanyň Premýer-ministriniň maslahatçysy Artaşes Tumanýan sebitleýin we ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny maslahatlaşmak üçin Aşgabat şäherine sapar bilen geldi. Bu barada «Armenpress» agentligi habar berýär.

Saparynyň dowamynda Tumanýan Türkmenistanyň nebit we gaz pudagyna gözegçilik edýän Şahym Abdrahmanow hem-de ýurduň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna gözegçilik edýän Çarymyrat Purçekow bilen gepleşikleri geçirdi.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda gaz we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Taraplar şeýle-de Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisine taýýarlyk işlerine garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň