Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar «Lomonosow» Uniwersiadasynda baýrak gazandylar

09:1810.06.2022
0
15377

Türkmenistanly talyplar Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan «Lomonosow» Uniwersiadasynda «Lingwistika» ugry boýunça baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýnur Jumaşowa iňlis dili dersi boýunça, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Jumamyrat Myradow hem-de Hojamyrat Orazow dagy bolsa rus dili dersi boýunça ýokary netijeleri görkezmegi başardylar diýip, «Altyn asyr: Türkmenistan» internet neşiri habar berýär.

Baýrakly orunlara eýe bolan talyplar ikinji derejeli diplomlar bilen sylaglandy. Uniwersiadada ýeňiji bolan talyplar üçin M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň magistratura we aspirantura bölümlerine okuwa girmekde ýeňillikler döredilýär.

«Lomonosow» Uniwersiadasy her ýylda geçirilýär. Türkmenistanly talyplar bu bäsleşige eýýäm dördünji gezek gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň