Russiýa Türkmenistanyň nebitgaz bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak isleýär

23:5009.06.2022
0
8724

Şu gün Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak ilkinji resmi saparynyň çäklerinde wise-premýer Şahym Abdrahmanow Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak bilen gepleşik geçirdi.

Russiýanyň Hökümetiniň internet neşirinde habar berlişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen boljak duşuşygyna taýýarlyk meselesini, şonuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen baglanyşykly gol çekmek üçin taýýarlanan birnäçe resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary ýangyç we energiýa toplumynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Bellenilşi ýaly, Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlary bar, «Gazprom» we «Türkmengaz» bu ugurda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şonuň netijesinde 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda türkmen gazyny satyn almak we satmak barada Şertnama baglaşyldy. Mundan başga-da, Russiýa türkmen nebitini daşamak üçin hyzmatlary hem hödürleýär. Şeýle hem Russiýa bilen Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara transport koridorynyň gündogar ugry boýunça ýük akymlaryny artdyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri bar. Rus kompaniýalary eýýäm Türkmenistanyň demirýol liniýalaryny elektrikleşdirmek, demirýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryna gatnaşmak meselesinde türkmen kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Aleksandr Nowak türkmen wekiliýetini 25-nji Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyna, şeýle-de şu güýzde meýilleşdirilýän ikinji Hazar ykdysady forumyna we Russiýanyň energiýa forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Habar berşimiz ýaly, ertir Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasyna barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň