Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda belentlige dyrmaşmak boýunça çagalar festiwaly geçirildi

23:5305.06.2022
0
6656
Aşgabatda belentlige dyrmaşmak boýunça çagalar festiwaly geçirildi
Surat: Хасан Магадов

Şu gün Aşgabat şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Türkmenistanda alpinizmiň esaslandyrylmagynyň 50 ýyllygy mynasybetli belentlige dyrmaşmak boýunça çagalar festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň hemaýatkärliginde «Agama» alpinistçilik klubunyň guramagynda ýasama gaýaly meýdançada geçirilen çärä 135-den gowrak gatnaşyjy ýygnandy.

Emeli gaýalardan ybarat bolan meýdança dürli ýaşdaky çagalaryň we ýetginjekleriň dyrmaşmagy üçin niýetlenilip, olaryň fiziki taýýarlygyna, bedeniniň berkemegine hem-de bu ugurda alpinistçilik başarnyklarynyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu çärede kimdir biriniň tapawutlanyp ýeňiş gazanmagy nazarda tutulmady. Belentlige dyrmaşmakda 14 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň köpüsi güýjüni synadylar. Pellehana tiz ýetmek ugrunda dyrjaşyp, çagalar dürli ýapyşalgalardan peýdalandylar. Çagalar belende çykdygyça belentlikde dyrmaşmak gitdigiçe kynlaşdy we çagalaryň başarnyklarynyň artmagyna mümkinçilik berdi.

Bu çärede çagalaryň başarnyklaryna we ukyplaryna emin agzalar hem-de tejribeli alpinistler mynasyp baha berdiler. Çärä ilkinji gezek gatnaşýanlar üçin bolsa emeli gaýalara çykmak kynçylyk döreden hem bolsa, olar munuň hötdesinden gelmegi başardylar.

«Belentlige dyrmaşmak meşhur sport görnüşleriniň 20-ligine girýär. Şeýle-de ol sportuň olimpiýa görnüşlerine degişli. Biziň çagalarymyz alpinizm bilen meşgullanmak üçin zerur bolan ähli fiziki hem-de erk başarnyklaryna eýedir. Muňa şu günki festiwal doly şaýatlyk etdi. Kynlygyna garamazdan, hatda kiçijik ýaşly gatnaşyjylar-da öz isleglerini kanagatlandyrdylar. Hut şol sebäpdenem, bu sportuň kämilleşdirilmegi üçin bizde başarjaň türgenler bardyr» – diýip, «Agama» alpinistçilik klubunyň başlygy Waleriý Kotwin belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň