«Mobil» we «Shell» kompaniýalarynyň Türkmenistandaky paýlaýjysy kepillikli çalgy ýaglaryny hödürleýär

21:4901.06.2022
0
9483

Türkmenistanyň çäginde çalgy ýaglarynyň lomaý paýlaýjysy bolan «Zehinli Çözgüt» hojalyk jemgyýeti ýurduň awtoulag kärhanalaryna, awtohyzmatlar merkezlerine, dükanlara we beýleki gyzyklanýan kärhanalara öňdebaryjy «Mobil» hem-de «Shell» kompaniýalarynyň ýokary hilli ýaglaryny hödürleýär.

«Döwletli zähmet» hojalyk jemgyýeti gönüden-göni «Mobil» we «Shell» kompaniýalarynyň resmi öndürijisi bilen iş salyşýar. Bu bolsa önümleriň doly kepillikli möhletde ýetirilýändigine 100 göterim kepil geçýär.

«Döwletli zähmet» HJ çalgy ýaglarynyň satuwyny ähli tehniki düzgünleri nazarda tutmak bilen alyp barýar. Paýlanýan önümleriň hili we howpsuzlygy hil şahadatnamasyna we howpsuzlyk şahadatnamasyna laýyklykda tassyklanylýar. Bu resminamalar kompaniýa tarapyndan ýetirilýän ähli ýaglar üçin-de bardyr.

Çalgy ýaglary kompaniýanyň ýük ulaglaryna ýüklenenden soň, kärhana tarapyndan ulaglaryň we konteýnerleriň gapylary harytlaryň howpsuzlygyny we bitewüligini gorap saklamak maksady bilen berkidilýär.

«Döwletli zähmet» eýýäm 3 ýyl töweregi wagt bäri Türkmenistana ýaglary paýlamak çygrynda ygtybarly kärhana hökmünde tanalyp gelýär. «Döwletli zähmet» hojalyk jemgyýetiniň häzirki wagtda taslamalar boýunça 20 töweregi «Mobil» we «Shell» önümlerini paýlaýan ýerleri bardyr.

Hil babatda has täsirli bolan çalgy ýaglaryny satyn almak bökdençsiz işlemegiň kepili bolup, awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde, transmissiýalarynda we mehaniki gurnamalarynda ýüze çykýan yzygiderli abatlama işleriniň öňüni almaga ýardam edýär.

«Mobil» we «Shell» kompaniýalarynyň Türkmenistandaky öňdebaryjy paýlaýjysy:

Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly, 76;
E-poçta: projectmanager@dowletlizahmet.com.tm;
Faks: +993 12 98 13 14;
Telefonlar: +993 12 98 13 14; +993 61 45 88 08.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň