Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Argentinada iň uly pterozawryň ystyhanyny tapdylar

17:4530.05.2022
0
3020
Argentinada iň uly pterozawryň ystyhanyny tapdylar
Surat: daily.afisha.ru

Argentinanyň Mendos welaýatynyň çäginden arheolog alymlar häzire çenli gabat gelen pterozawryň iň uly ystyhanyny ýüze çykardylar. Onuň ganatlary 9 metre çenli ýaýylýar. Bu jandary tanatosdrakon diýip atlandyrdylar, bu bolsa grekçeden terjime edilende “Ajalyň aždarhasy” diýen manyny berýär.

Alymlar bu jandar barada onuň beýleki dinozawrlar bilen bir döwürde ýaşap, uçup gezenidigi baradaky çaklamany aýdýarlar. Şeýle-de arheologlar bu gazuw-agtaryş işiniň dowamynda başga-da bir şu hili, emma ganatlaryny 7 metre çenli ýaýýan jandaryň galyndylaryna gabat geldiler.

Arheologlar bu jandarlaryň aždarhidler maşgalasyna degişlidigini we olaryň ikisiniň-de bir döwürde 86 million ýyl mundan ozal ýaşap geçendigini aýdýarlar. Ýüze çykarylan tapyndylar durkuny örän gowy saklapdyr we olar häzirki wagtda has giňişleýin öwrenmek üçin Mendosdaky Kuýo döwlet uniwersitetine iberildi diýip, daily.afisha saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň