Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýaz paslynda ýyllyk kadanyň 53,5% göterimine deň bolan ygal düşdi

16:3629.05.2022
0
7391

Aşgabat şäherinde ýaz paslynyň bütin dowamynda ygalyň ýyllyk kadasynyň 53,5 göterimi, has takygy 118,3 mm mukdary düşdi. Şunuň bilen baglylykda, meteojournal web saýtynda habar berlişi ýaly, bu ýyllyk kadadan (97,8 mm) köp mukdardadyr.

Aprel aýynda howanyň yssy hem-de ýagyşsyz bolandygyna garamazdan, mart we maý aýlarynda has köp ýagyş ýagdy.

Edil Aşgabat şäherinde bolşy ýaly, Türkmenabat şäherinde hem iki aýlyk kadadan köp ygal düşdi. Bu babatda Daşoguz şäherinde üç aýlyk kada golaý, Serdar şäherinde bolsa 3 aýlyk kadadan hem köp ýagyş ýagdy. Derwezede bolsa ygalyň mukdary kadadan 4,4 esse köp bolup, maý aýynda ýyllyk kadanyň 35%-ine barabar boldy.

Çeşmede habar berlişi ýaly, ýurduň kenarýaka ýerlerinde, has takygy Esengulyda we Ogurjaly adasynda maý aýynda hiç hili ýagyş ýagmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň