Soňky habarlar

Arhiw

«Merw» Mary welaýatynyň kubogynyň ýeňijisi boldy

21:5628.05.2022
0
5447

Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda «Merw» bilen «Energetik» toparlary güýç synanyşdylar.

Ynamly oýun görkezen «Merw» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, baş baýraga mynasyp boldy.

Mary şäherinde geçirilen kubok bäsleşiginde milli ligamyzyň toparlarynyň 2-siniň («Merw», «Energetik») hem-de ýerli toparlaryň altysynyň («Olimp», «Murgap», «Hereket», «Ýolöten», «Baýramaly», «Kuwwat») gatnaşandygyny bellemek gerek.

Final

«Merw» – «Energetik» – 4:0

Gollar: 30 Daýanç Orazgulyýew, 34 Mukam Nazzyýew, 58, 68 Alibek Abdurahmanow («Merw»)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň