Kipr 1-nji iýundan jahankeşdeler üçin koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar

11:0328.05.2022
0
1007
Kipr 1-nji iýundan jahankeşdeler üçin koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar
Surat: planetofhotels.com

MIR24 saýtynyň habaryna görä, Kipriň hökümeti 1-nji iýundan başlap, ýurda gelmek üçin ähli ýokanç çäklendirmelerini ýatyrmak kararyna geldi. Şol günden başlap, respublika gelýän ähli jahankeşdelere sanjym alandygy ýa-da test-barlagdan geçendigi barada güwänamalary görkezmek gerek bolmaz diýip, “Сyprus Мail” gazeti habar berdi.

Habarda munuň ýurduna garamazdan, ähli jahankeşdelere degişli boljakdygy aýdylýar.

Kirpiň Ulaglar ministrliginiň ýolbaşçysy Ýannis Karusosyň sözlerine görä, maýda uçar arkaly ýolagçylaryň sany 2019-njy ýyldaky pandemiýa çenli döwürdäki görkezijiniň 77 göterimine deň boldy, ortaça her gün ýurda 30 müň adam geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň