Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Daşkent şäherine bardy

23:5226.05.2022
0
3380

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogyna gatnaşmak üçin Özbegistana bardy.

Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde türkmen ýygyndysyny ýaryşyň guramaçylary we Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň wekilleri garşyladylar.

Yklym ýaryşynyň Özbegistanyň Daşkent we Garşy şäherlerindäki stadionlarda geçiriljekdigini ýatladýarys. Türkmen futbolçylarynyň hem wekilçilik edýän «A» toparçanyň duşuşyklary Daşkentdäki «Bunýodkor» hem-de «Pahtakor» stadionlarynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň