Geçen ýylyň jemleri boýunça Russiýa Ýewropa Bileleşigine tebigy gazyň 54,45 mlrd kubmetrini eltdi we bu görkeziji babatda ABŞ-dan saýlanyp, sebite iň köp mawy ýangyç satýan ikinji ýurt boldy. Bu barada «Gazeta.ru» habar berdi.
Geçen 2024-nji ýylda Ýewropa ýurtlary 297,9 mlrd kubmetr gazy import etdiler, onuň 54,45 mlrd kubmetri Russiýa Federasiýasyndan satyn alyndy. Bu 2023-nji ýyldaky möçberden 21 göterim köpdür.
Netijede, RF-niň ÝB-niň bu bazaryndaky paýy 14,2 göterim bolanlygyndan 18,3 göterime çenli artdy.
ÝB-ä iň köp gaz elten ýurt ýene-de Norwegiýa boldy, ol 93,3 mlrd kubmetr gaz satdy. Bu umumy import edilen mawy ýangyjyň 31,3 göterimidir.
2023-nji ýylda bu ugurda sanawda ikinji orunda ABŞ ýerleşipdi, emma 2024-nji ýylda Birleşen Ştatlar gaz satmagy 18 göterime çenli peselip, 51,3 mlrd kubmetre deň boldy diýlip, habarda bellenýär.