Kazan ― Türkmenabat uçar gatnawynda goşmaça orunlar açyldy

22:4226.05.2022
0
35382

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web saýty Kazan ― Türkmenabat aralygyndaky uçuşda goşmaça orunlaryň açylandygyny habar berdi.

Bu orunlara petekler 27-nji maý güni Moskwa wagty bilen gündiz sagat 11:00-da satylyp başlanar.

Çeşmäniň habaryna görä, petekler diňe Türkmenistanyň sanjym edilen raýatlaryna satylar.

Russiýada rubl bilen petek satyn almak isleýän raýatlar aşakdaky belgiler we elektron salgy arkaly habarlaşyp bilerler: +79119300080 ýa-da +78124599899. Elektron poçta: avia@itmgroup.ru.

Awiakompaniýanyň 1-nji iýundan başlap Kazan ― Türkmenabat aralygynda yzygiderli uçuşy ýola goýjakdygyny ýatladýarys. Bu uçuş her hepdäniň çarşenbe günleri guralar. Kazandan ýerli wagt bilen 18:30-da göge göteriljek uçar Türkmenabada 23:30-da geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň