Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda geçirilen auksiona gök-bakja önümleriniň täze hasyly çykaryldy. Nobatdaky auksionda «ýubari» atly gawunyň görnüşiniň täze hasyly 3 million ýene (23,55 müň amerikan dollaryna) satyldy. Bu barada Mir24 habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, gawunyň «ýubari» görnüşi pyrtykal reňkde bolup, örän süýji tagamy bilen tapawutlanýar. Günüň dogýan ýurdunda bu gawun örän gymmat bahaly sowgat hökmünde kabul edilýär.
Çeşmäniň habar bermegine görä, «ýubari» gawunlaryny «Hokuyupack Co.» miwe we bakja önümlerini satýan kompaniýa satyn alypdyr. Olar Ýubari şäherinde gawundan mugt dadyp görmek üçin çäre gurnamagy göz öňünde tutýar.
Belläp geçsek, geçen ýyl gawunyň bu sorty 2,7 million ýene (21.2 müň dollar), 2020-nji ýylda 120 müň ýene (942 dollar) satylypdy. Bu ugurda rekord 2019-njy ýylda goýlupdy. Gawunyň 2 sanysy 5 million ýene (39.25 müň dollar) satyldy.