Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

16:4026.05.2022
0
713
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-däki ilkini garşydaşy Özbegistanyň ýygyndysy ýaryşa taýýarlygyň çäklerinde Täjigistanyň ýaşlary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyk Bekobod şäherinde geçirildi. Onda Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy garşydaş topary 2:0 hasabynda ýeňdi. Pökgüleri 17-nji minutda Otabek Jurakuziýew, 72-nji minutda Ulugbek Hoşimow geçirdi.

Aziýanyň kubogynyň 1 ― 19-njy iýun aralygynda Özbegistanda geçiriljekdigini ýatladýarys. Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy yklym ýaryşynyň açylyş duşuşygyna gatnaşar. Bu duşuşykdaky garşydaş ýer eýeleri ― Özbegistanyň ýygyndysy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň