Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgen gyz pankration göreşi boýunça halkara ýaryşynda kümüş medal gazandy

14:2425.05.2022
0
14779

Türkmenistanly türgen gyz Sewara Abdullaýewa sportuň pankration görnüşi boýunça geçirilen Birinji Halkara Paddubnyý Göreş ligasynyň ýaryşynda kümüş medalyň eýesi bolmagy başardy. Bu barada wrestlingtv.ru saýtynda habar berilýär.

Ýaryşlar 18 — 21-nji maý aralygynda Moskwa şäherinde geçirildi.

Sewara Abdullaýewa ýaryşda 64 kilogram agramda çykyş etdi. Sewara final tapgyryň tutluşygynda russiýaly türgen Aleksandra Gorbaçýowadan ýeňildi.

25 ýaşly türkmenistanly türgen gyz häzirki wagtda Sankt-Peterburg şäherinde ýaşaýar. Ol gyzlaryň arasynda geçirilýän garyşyk söweş sungatynyň ýaryşlarynda ilkinji tutluşygyny geçen ýylyň dekabrynda geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň