Gurbanguly Berdimuhamedow Farid Muhametşini 75 ýaşy bilen gutlady

22:4823.05.2022
0
6415
Gurbanguly Berdimuhamedow Farid Muhametşini 75 ýaşy bilen gutlady
Surat: speaker.tatarstan.ru

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, kärdeşini 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler dost-doganlyk gatnaşyklary berk ýola goýlan Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

– Men Tatarystan Respublikasyna ýakynda bolan saparymy, biziň wekiliýetimiziň myhmansöýerlik we göwnaçyklyk bilen kabul edilmegini aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn – diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle-de geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň üstünliginiň gatnaşyklarymyzyň ähli pudaklarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy hem-de şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň