Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy Alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda 8 medal gazandy

23:5522.05.2022
0
4229

Alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde geçirilýän Aziýanyň çempionatynyň ilkinji iki gününde 8 medal gazandylar. Olaryň üçüsi altyn, üçüsi kümüş we galan ikisi bürünç medallardyr.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallaryny 70 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Jemal Owlakulyýewa, 100 kilograma çenli agramda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Pälwan Gurbangeldiýew hem-de 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan Nurmuhammet Baýdogdyýew dagylar eýeledi.

Şeýle hem 80 kilograma çenli agramda Agaýusup Garaýew (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby), 70 kilograma çenli agramda Iskender Aşyrow (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby) we 90 kilograma çenli agram derejesinde Arslan Hojamberdiýew (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminiň esgeri) dagylar Aziýanyň wise-çempiony boldular.

Türkmen ýygyndysyndan 75 kilograma çenli agramda Naziýa Joraýewa bilen Daýanç Guwanjow (ikisi hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby) yklymyň ýaryşynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Ýaryş dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň