Han Dok Su Günorta Koreýanyň premýerligine saýlandy

11:4921.05.2022
0
715

Koreýa Respublikasynyň Milli Geňeşi Han Dok Suny ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady diýip, “Renhap” habarlar gullugy habar berdi diýip, şu gün— 21-nji maýda “Interfax.ru” ýazýar.

“Han Dok Sunyň kandidaturasy ol bu wezipä ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýel tarapyndan hödürlenenden 47 gün geçensoň, sesleriň 208-sini almak bilen tassyklanyldy” diýlip, habarda aýdylýar.

Han Dok Su öň 2007-2008-nji ýyllarda Günorta Koreýanyň premýer-ministri wezipesini eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň