“Netflix” girdejileriň peselmegi bilen bagly işgärlerini azaltmakçy

14:0419.05.2022
0
668
“Netflix” girdejileriň peselmegi bilen bagly işgärlerini azaltmakçy
Surat: inc.com

“Netflix Inc.” iri akymly wideo görkeziş ulgamy girdejileriniň kemelmegi we abunaçylarynyň sanynyň azalmagy bilen bagly işgärleriniň 150-sini işden boşatmakçydygyny mälim etdi. Bu barada “Interfax.ru” habar berdi.

“Işgärler, esasan, ABŞ-da kemeldiler, kompaniýa biznesiň talaplaryndan ugur almakçy” diýip, “The Wall Street Journal” žurnaly kompaniýanyň wekiliniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Şunlukda işden boşadylýanlaryň sany kompaniýanyň işgärler düzüminiň 2 göterimine golaý bolar.

“Netflix” ýanwar-mart aýlarynda taryhynda ilkinji gezek abunaçylarynyň köpçülikleýin azalýandygyny hasaba aldy, bu bolsa öz gezeginde ikinji çärýekde girdejileriň mazaly kemelmegine getirdi, ýagny 200 müň abunaçy tölegli hyzmatdan ýüz öwürdi.

Kompaniýa bu yza tesişligi striming pudagynda bäsdeşligiň ýokarlanýandygy bilen hem baglaýar.

Netijede, “Netflix” striming gullugynyň paýnamalary geçen çarşenbede 1 göterime golaý arzanlady, ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 68,4 göterim pese gaçdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň