Galkiniň maşgalasy aktýoryň ekranda “direldilmegini” oňlamady

17:1818.05.2022
0
964
Galkiniň maşgalasy aktýoryň ekranda “direldilmegini” oňlamady
Surat: rg.ru

Russiýada Beýik Ýeňiş baýramyna bagyşlap 9-njy maýda “Ýykgynçy” («Диверсант») atly meşhur rus serialynyň täze bölümi teleýaýlymda görkezildi, onda mundan 12 ýyl öň aradan çykan aktýor Wladislaw Galkiniň gahrymany hereket edýärdi. Görlüp oturylsa, filmi döredijiler artisti “deepfake” tehnologiýasynyň üsti bilen, ýagny onuň fotosuratyny başga aktýoryň ýüzünde ýerleşdirmek arkaly “direldipdirler”.

Tomaşaçylara bu ýaran hem bolsa, Galkiniň ýakynlary kinoçylaryň bu üstünligini oňlamadylar, esasan hem, kakasy “Ýykgynçynyň” täze bölümine ogluny diri görmegiň özüne agyr düşjekdigi üçin tomaşa etmändigini aýtdy.

Merhum aktýoryň dosty Sergeý Ýuşkewiç bu barada: “Wladyň özüneçekijiligini we gaýduwsyzlygyny hiç bir kompýuter programmasy bilen dikeldip bolmaz” diýdi. Bu barada film.ru saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň