Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy etrabynda awtoulaglaryň gatnawy üçin täze köpri açyldy

10:3818.05.2022
0
22045
Türkmenbaşy etrabynda awtoulaglaryň gatnawy üçin täze köpri açyldy
Surat: Andreý Pakulow

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň merkezinden geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin gurlan täze köpri dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. Bu dabara Balkan welaýat, Türkmenbaşy etrap we şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, demirýolçulardyr awtotransport işgärleri, sungat ussatlarydyr köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Balkan welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Awtomobil ýollary gurmak we ulanmak boýunça gözegçilik edarasynyň buýurmasy esasynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Köpri gurluşyk müdirligi tarapyndan bina edilen bu täze desga ähli babatda dünýä hil ülňülerine doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Desganyň gurluşygynda daşary ýurtlardan satyn alnan dürli görnüşli kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanyldy.

Uzynlygy 60 metre, ini 32,5 metre, beýikligi bolsa 11 metre deň bolan köpri demir ýol we awtotransport ulaglarynyň biri-birlerine päsgelçilik döretmezden, bökdençsiz gatnawlaryny üpjün etmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Ikitaraplaýyn gatnawy, üpjün etmäge mümkinçiligi bolan köpriniň her tarapynyň ini 13,25 metre deň bolup, ol ýollaryň her biri birbada awtoulaglaryň üçüsiniň ýanaşyk hereket etmegine mümkinçilik berýär. Köpriniň iki gapdalyndaky her biriniň ini iki metre deň bolan ýanýollar bolsa pyýadalar üçin zerur amatlyklary döredýär. Desganyň üstünde oturdylan yşyklandyryş sütünleri onuň gijeki görnüşine aýratyn gözellik eçilýär. Täze köpri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän gämilere ýük ýüklemek we düşürmek işlerini amala aşyrýan, şonuň ýaly-da, kenarýaka şähere gelip-gidýän köp sanly awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň bökdençsiz ýola goýulmagynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň