Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

22:1017.05.2022
0
4507
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
Surat: akorda.kz

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki döwürde Gazagystan Respublikasynyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gidip, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýandygy hem-de dünýäde abraýyny has-da berkidýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Gazagystanyň Baştutanynyň ýurtlaryň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns berýändigini aýratyn belledi.

«Biz Siziň ynanyşmak ýagdaýyndaky garaýşyňyza ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlar boýunça köpugurly gatnaşyklary ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystanyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär hem-de parlamentara gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde asyrlaryň dowamynda iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň iki döwletiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa berk jan saglyk we egsilmez güýç-gaýrat hem-de bagt we Gazagystanyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň