Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen gutlady

11:2017.05.2022
0
2753
Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Häzirki wagtda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň berkidilmegine, ýurduň halkara giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga hem-de halkyň abadançylyk derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň iki ýurdyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, halklaryň dost-doganlygynyň pugtalandyrylmagyna uly üns we goldaw berýändigini aýratyn belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem halklaryň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň